Futbol taryhynda iň meşhur goragçylaryň biri Frans Bekkenbauer aradan çykdy

09.01.2024, 14:5013,989
1 / 2

Germaniýaly futbolçy Frans Bekkenbauer 78 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Germaniýanyň futbol birleşiginiň (DFB) beýanyna salgylanyp, DW habar berýär.

Bekkenbauer futbol taryhynda iň gowy goragçylaryň biri hasaplanýar. Ol 1974-nji we 1976-njy ýyllarda bu orunda “Altyn topa” eýe bolan ýeke-täk oýunçydyr.
Karýerasynyň köp bölegini Bekkenbauer “Bawariýada” geçirdi we onuň düzüminde üç Günbatar Germaniýanyň çempionatynda, üç Ýewropanyň Çempionlar kubogynda hem-de Kuboklaryň kubogynda we Kontinentara kubogynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, germaniýaly futbolçy “Kosmosyň” düzüminde ABŞ-nyň üç gezek çempiony we “Gamburgyň” düzüminde GFR-iň çempiony boldy.
GFR-iň milli ýygyndysy bilen Bekkenbauer 1974-nji ýylyň dünýä çempionatyny we 1972-nji ýylyň Ýewropa çempionatyny utdy. 1990-njy ýylda tälimçi hökmünde birleşen Germaniýanyň topary bilen dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.