HBS: Realme Rolex bilen bilelikde täze smartfon çykarmagyň üstünde işleýär

12.01.2024, 17:1510,111
1 / 2

Habar beriş serişdeleri Hytaýyň Realme smartfon öndürijisi bilen Şweýsariýanyň meşhur Rolex sagat brendiniň arasynda bolup biläýjek hyzmatdaşlygy habar berýär. Bu hyzmatdaşlyga yşarat edýän suratlar X sosial ulgamynyň resmi sahypasynda çap edildi diýip, Ferra habar berýär.

Suratlarda Realme 12 Pro + smartfonynyň işläp taýýarlanyş prosesi görkezýär.
Habarlarda Roleks hakda gönüden-göni agzalmasa-da, hytaý kompaniýasy sosial tor arkaly Roleks sagat kompaniýasynyň nyşanyna meňzeş emodzi ulanyp, meşhur kaşaň sagat dizaýneri Oliwýe Saweo bilen işleşmeklige yşarat edip, inçelik bilen  hyzmatdaşlygy teklip edýär.
Mundan başga-da, habar beriş serişdeleri kompaniýanyň täze smartfon hödürlemegine garaşylýan sene barada ýazýarlar, bu 28-nji ýanwardyr.
Realme 12 Pro bilen 12 Pro + kompaniýanyň flagmanlarynyň indiki gaýtalanmasy bolar diýip garaşylýar. Olardan iň bolmanda birisi periskop kamerasy bilen geler diýip, Realme öň birnäçe tizerinde aýdypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.