Madruganyň goly 2023-nji ýylda Puşkaş baýragynyň eýesi boldy

16.01.2024, 09:177,446

“Botafogonyň” futbolçysy Gilýermo Madruganyň goly The Best FIFA Football Awards 2023 dabarasynda Puşkaş adyndaky baýragyň eýesi boldy. 

Madruga Braziliýanyň Seriýa B ýaryşynyň 14-nji tapgyrynyň oýnunda jerime meýdançasynyň daşyndan topy aýagy bilen üstaşyr geçirip “Noworizontinonyň” derwezesine girizdi (1:0).
Şeýle-de, bu baýraga dalaşgärler Angliýanyň çempionatynyň çäklerinde “Mançester Siti” bilen oýundaky goly üçin “Braýtonyň” oýunçysy paragwaýly Hulio Ensiso (1:1) we “Boawişta” bilen oýundaky goly üçin “Sportingiň” portugaliýaly oýunçysy Nunu Santuş (3:0) boldy.
2023-nji ýylda Madruga “Botafogo” üçin ähli ýaryşlarda 46 oýna gatnaşdy we iki gol hem üç netijeli geçirim bilen tapawutlandy. 23 ýaşly futbolçy ýanwar aýynda “Kuýaba” geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.