Honda 24 ýylda ilkinji gezek logotipini üýtgetdi

18.01.2024, 17:204,106
1 / 2

Şu ýyl CES 2024 sergisinde Honda täzelenen H logotipli elektromobillerini görkezdi. Soňrak Honda logotipiň üýtgedilendigini, metal logotipden ýüz öwrüp, simwolyň has tekiz we ýönekeý görnüşini saýlap alandygyny mälim etdi. Aslynda, bu täze görnüş brendiň 1961-nji ýyldaky original logotipine gaýdyp gelýär diýip, ixbt.com belleýär.

Şeýle-de bolsa, Honda häzirki H logotipiniň öz gözbaşyny 1981-nji ýyldan alyp gaýdýan uzyn taryhynyň bardygyny aýdýar. Elektromobilleriň indiki neslini işläp taýýarlamaga uýgunlaşmak üçin, Honda onuň özgerişleri dowam etdirmekde tutanýerliligini we hemişe täze üstünliklere tarap ymtylmasyny görkezýän täze H logotipini döretmek kararyna geldi.
H harpynyň täze dizaýny “Honda-nyň hereket mümkinçiliklerini giňeltmäge we Honda elektromobillerini ulanyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmaga ygrarlydygyny görkezýän” iki uzadylan eli ýada salýar.
Bu täze H logotipi indiki nesil Honda elektromobillerinde ulanylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.