Türkmen ilçisi Sankt-Peterburgda Ýadygärlik seýilgähinde Gahryman türkmenistanlylaryň ýadygärligine gül goýdy

28.01.2024, 17:0820,922
1 / 2

27-nji ýanwarda Sankt-Peterburgda Leningradyň faşistik basybalyjylardan doly boşadylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreler guraldy. Bu çärelere Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew gatnaşdy diýip, ýurdumyzyň Russiýadaky diplomatik wekilhanasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Sankt-Peterburgdaky Piskarewsk ýadygärlik toplumynda diplomat Leningrad üçin söweşlerde pida bolan Gahryman türkmenistanlylaryň ýadygärligine gül goýdy.
Şol gün "Gazprom Arena" stadionynda RF-niň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda şanly senä bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.