Altaý Baýyndyr “ManÝunaýtedde” oýnan ilkinji türkiýeli futbolçy boldy

30.01.2024, 09:467,339

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysynyň derwezebany Altaý Baýyndyr taryhda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klubunda oýnan ilkinji türkiýeli oýunçy boldy. Report agentliginiň habar berşi ýaly, derwezeban Angliýanyň Kubogynyň 4-nji tapgyrynyň “Nýuport Kaunti” toparyna garşy oýnunda başlangyç düzüm bilen meýdança çykdy.

Oýun Baku wagty bilen 20:30-da başlady we 4:2 hasabynda “Mançester Ýunaýtediň” peýdasyna tamamlandy.

Belläp geçsek, 25 ýaşly Baýyndyr geçen ýyl Stambulyň “Fenerbahçe” toparyndan mankunianlylaryň hataryna goşuldy. Derwezeban klub bilen 2027-nji ýyla çenli ýene bir möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen şertnama baglaşdy. Transferiň mukdary 5 mln ýewro boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.