«RŽD-niň» wekiliýeti «Sarahs» stansiýasyna baryp gördüler

31.01.2024, 12:5710,216

Türkmenistana sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary S.Pawlowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän “Sarahs” stansiýasyna baryp gördüler. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

“Sarahs” stansiýasynda myhmanlar demir ýol serhet geçelgesine aýlanyp, degişli bekediň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. “Sarahs” stansiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda bolsa Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.