FourFourTwo-nyň wersiýasyna görä, dünýäniň iň gowy derwezebany yglan edildi

05.02.2024, 18:318,223

Abraýly FourFourTwo britan žurnaly Alissony häzirki wagtda dünýäniň iň gowy derwezebany hökmünde ykrar etdi.

Neşir şu günki iň güýçli 10 derwezebanyň sanawyny düzdi we “Liwerpul” bilen Braziliýanyň milli ýygyndy toparynyň oýunçysy bu ugurda birinji orny eýeledi diýip, sports.ru habar berýär.

Iň gowy 10 derwezebanyň sanawy şeýle:

  1. Alisson, “Liwerpul”.
  2. Mark-Andre Ter Stegen, “Barselona”.
  3. Ederson, “Mançester Siti”.
  4. Maýk Menýan, “Milan”.
  5. Gulýelmo Wikario, “Tottenham”.
  6. Lukaş Gradeski, “Baýer”.
  7. Emiliano Martines, “Aston Willa”.
  8. Manuel Noýer, “Bawariýa”.
  9. Ýan Oblak, “Atletiko”.
  10. Janluiji Donnarumma, “PSŽ”.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.