Coca-Cola birnäçe ýyldan soň ilkinji gezek täze tagamly içgini çykarmak kararyna geldi

11.02.2024, 12:518,175

«Coca-Cola» birnäçe ýyldan soň täze «spiced»  (ýakymly ysly) tagamly – malinaly we hoşboý ysly goşundylar bolan ilkinji içgisini çykarar diýip, «CNN» habar berýär.

Täze kola ýakyn hepdelerde ABŞ-da we Kanadada iki görnüşde – şekerli we şekersiz görnüşde satuwa çykarylar.

«Sarp edijiler has batyrgaý tagamlary we has çylşyrymly tagam sazlaşmalaryny gözleýärler. Biz bu meýilleri diňe bir iýmitde däl, eýsem, içgilerde-de görüp başladyk we munuň täze synanyşyklar üçin özboluşly bir giňişlikdigi hakynda oýlandyk diýip,  «Coca-Cola» kompaniýasynyň Demirgazyk Amerikadaky marketing boýunça wise-prezidenti Sýu Linn Ça interwýusynda aýtdy.

Onuň bellemegine görä, «spiced»  tagamy (iňlis dilinden – hoşboý ysly, süýji) «Coca-Cola» tarapyndan geçirilen ýörite gözlegiň netijeleri esasynda, alyjylaryň isleglerine laýyk gelýär. Onda «sarp edijileriň hoşboý ysly içgini synap görmek isleginiň artandygy» ýüze çykaryldy. Malinanyň saýlanylmagy bolsa onuň tagamlary garyşdyryp bolýan «Coca-Cola Freestyle» enjamlarynda meşhurlygy bilen baglanyşyklydyr. 2022-nji ýylda bu tagam enjamlarda 5 milliondan hem köp gezek saýlandy.
Häzirki wagtda ABŞ-da «Coca-Cola» şekerli, şekersiz (zero), wanil we ülje (şeýle hem olaryň garyndysy) görnüşlerinde hödürlenýär; üç görnüşiň hem şekerli we şekersiz nusgalary bar. Şeýle hem «ýerli» tagamlar bar – Jorjiýanyň üljesi we Kaliforniýanyň malinasy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.