Disney kompaniýasy Epic Games-de paý satyn alyp, oýun älemini döreder

11.02.2024, 12:472,003

The Walt Disney Company kompýuter oýunlaryny, şol sanda Fortnite oýnuny işläp düzmek bilen meşgullanýan Epic Games kompaniýasynda 1,5 mlrd dollara paý satyn almagy meýilleşdirýär. Disney-iň metbugat gullugy Epic Games bilen bilelikde täze oýun we güýmenje älemini döretmegi meýilleşdirýändigini habar berdi. Bu barada kommersant.ru belleýär.

Metbugat relizinde oýun äleminiň Fortnite bilen baglanyşykly boljakdygy aýdylýar. Onuň ulanyjylaryna oýnamak, tomaşa etmek, söwda etmek we kontent bilen täsirleşmek mümkinçiligi wada berilýär. Onda, aýratynam, Disney, Pixar, Marvel wakalarynyň, “Ýyldyz söweşijileriniň” we “Awataryň” gahrymanlary hödürlener. Oýunçylaryň öz wakalaryny döredip biljekdigi hem-de kontent bilen erkin paýlaşyp biljekdigi nygtalýar. Taslama Unreal Engine-da durmuşa geçiriler diýip, metbugat gullugy habar berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.