2023-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan türgeni belli boldy

12.02.2024, 06:5319,597

“Sportico” žurnaly 2023-nji ýylyň jemi boýunça iň köp girdeji gazanan türgenleriň Top-100 reýtingini düzdi. Report agentliginiň habar bermegine görä, birinji orny “Al-Nasryň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýeledi.

2023-nji ýylda futbolçy 275 mln dollar gazandy (60 mln dollar hemaýatkärlerden). Futbolçy klub bilen şertnamany 2023-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda baglaşdy, onuň çäginde ol ýylda 200 mln ýewro alýar. Şeýle-de, portugaliýaly we onuň maşgalasy üçin goşmaça bonuslaryň bardygy habar berildi.
Ikinji orny eýelän golfçy Jon Ramyň girdejisi 72 mln dollar az. 2023-nji ýylyň jemi boýunça iň baý türgenleriň üçlügini “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi jemledi. Häzirki dünýä çempiony 130 mln dollar gazandy.
Reýtingiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Kriştianu Ronaldu (futbol) – 275 mln dollar;
  2. Jon Ram (golf) – 203 mln dollar;
  3. Lionel Messi (futbol) – 130 mln dollar;
  4. Lebron Jeýms (basketbol) – 125,7 mln dollar;
  5. Kilian Mbappe (futbol) – 125 mln dollar;
  6. Neýmar (futbol) – 121 mln dollar;
  7. Stefen Karri (basketbol) – 98,9 mln dollar;
  8. Ýannis Adetokumbo (basketbol) – 88,4 mln dollar;
  9. Kewin Dýurant (Basketbol) – 86,9 mln dollar;
  10. Patrik Mahoums (amerikan futboly) – 84,3 mln dollar.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.