A Seria-nyň klublary ligany 18 topara çenli azaltmaga garşy ses berdiler

14.02.2024, 10:404,958

Italiýanyň A Seria-sy futbol ligasynyň klublarynyň aglabasy ýurduň çempionatynyň iň ýokary diwizionynda çykyş edýän toparlaryň sanynyň azalmagyna garşy boldular diýip, ýaryşyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşenbe güni Milanda, klublaryň paýdarlarynyň mejlisinde Italiýanyň futbolyny özgertmek baradaky tekliplere garaldy. Duşuşykda A Seria ligasynyň klublarynyň sanyny 20-den 18-e çenli azaltmak meselesi gozgaldy. Emma 20 klubuň 16-synyň wekilleri bu başlangyja garşy ses berdiler. Habar berilmegine görä, diňe «Inter», «Milan», «Roma» we «Ýuwentus» A Seria gatnaşyjylaryň sanynyň azalmagyny goldap çykyş etdiler.
A Seria 2004/05-nji möwsümiň öňüsyrasynda 18-den 20 topara çenli giňeldilipdi. Ýurduň häzirki çempiony «Napoli» toparydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.