Sukerberg: Meta Quest 3-iň VR äýnegi Apple Vision Pro-dan has gowy we 7 esse arzan

15.02.2024, 13:586,990

Meta-nyň baş direktory Mark Sukerberg 500 dollarlyk Meta Quest 3 garnituryny Apple-iň ýaňy-ýakynda çykaran 3500 dollarlyk Vision Pro-sy bilen deňeşdirdi. Milliarder Quest 3-iň Apple-iň täze önüminden birnäçe ugurda ýokarydygyny aýtdy diýip, Macrumors habar berýär .

Zukerberg Quest 3-iň "adamlaryň garyşyk hakykaty ulanýan zatlarynyň köpüsi" üçin has gowy saýlawdygyny aýtdy.

Ol Quest 3-iň aşakdaky peýdalaryny sanap geçdi:

  • - Vision Pro-dan 7 esse arzan;
  • - “Vision Pro ýaly” uly ekranlara ýokary hilli geçirişi üpjün edýär;
  • - 120 gram ýeňil we has amatly;
  • - Päsgel berýän simleri ýok;
  • - Has giň meýdany we has ýagty ekrany hödürleýär;
  • - Bulaşyksyz has dury şekil berýär;
  • - Takyk dolandyryjylar we has takyk el yzarlamak bilen enjamlaşdyrylan;
  • - Çuňňur mazmunly kitaphananyň giň elýeterliligi bar;
  • - YouTube-a tomaşa etmäge we Xbox oýnamaga mümkinçilik berýär.

Sukerberg Apple-iň Quest 3-den has ýokary çözgütli ekrana ýetmek üçin döreden rahatlyklaryna, ergonomikasyna we beýleki aýratynlyklaryna haýran galandygyny aýtdy.Ol Apple-iň hemişe täze önüm kategoriýalarynda öňdebaryjy däldigini aýtdy we Meta enjamlarynyň ahyrsoňy "ýeňiş gazanjakdygyna" umyt bildirdi.
Meta Quest 3 oktýabr aýynda satuwa çykaryldy. Garniturada Apple Vision Pro-nyň 4K mikroLED displeýlerinden tapawutlylykda, goşa 2K LCD panel bar. Agramy 515g, Qualcomm Snapdragon XR2 Gen 2 bilen işleýär, 8 Gb RAM we Touch Plus gözegçilik edijileri bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.