«Arkadag» FK ýoldaşlyk duşuşygynda Russiýanyň «Pari NN» klubuny ýeňdi

20.02.2024, 14:5120,065

18-nji fewralda Türkmenistanyň çempiony “Arkadag” futbol topary Russiýanyň Nižniý Nowgorod şäheriniň “Pari NN” toparyny 1:2 hasabynda ýeňdi. Ýoldaşlyk duşuşygy Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide geçirildi. Bu barada rus klubunyň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda ilkinji bolup hasaby rus futbol klubunyň hüjümçisi Nikoloz Kutateladze açdy. Ol oýnuň 21-nji minudynda “Arkadag” toparynyň goragyny böwsüp geçip, toparyny öňe çykarmagy başardy. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň çempion topary birnäçe minutdan soň hasaby deňlemegi başardylar. Didar Durdyýewiň üstünlikli geçiren 11 metrlik urgusyndan soň, türkmen topary öňe saýlanyp, garşydaşyny ýeňdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.