Toyota Camry orta ululykdaky awtoulaglaryň arasynda öňdebaryjy bolmagynda galýar

29.02.2024, 07:2710,755

Focus2Move-iň seljerijileri dünýäde iň meşhur 10 sany orta ululykdaky awtoulaglaryň sanawyny çap etdiler.

Toyota Camry 2023-nji ýylda modeliniň satuwynyň 6,2 göterim ýa-da 628 816 birlige çenli kemelendigine garamazdan, 20 ýyl yzly-yzyna segmentiň öňdebaryjysy bolmagynda galýar.
Ikinji orny 496 092 sany satylan nusgasy bilen Tesla Model Y elektrikli awtoulagy aldy (2022-nji ýyla çenli -7,1%).
Hytaýyň BYD Qin PLUS sedanynyň satuwy 40,8% artyp, 434 213 birlik bilen ilkinji üçlügi ýapdy.
Şeýle hem ilkinji bäşlige Honda Accord (407 718 sany) we Nissan Sylphy (381 651 sany) girdi.
Beýleki gyzykly pursatlaryň arasynda Mersedes C-Class-yň (+ 8,7%) we Audi A4-iň (+ 11,9%) satuwlarynyň ösüşini bellemelidiris.

Dünýäde iň köp satylan orta göwrümli 10 awtoulag:

  • Toyota Camry – 628 816 sany (-6,2%);
  • Tesla Model Y – 496 092 sany (-7,1%);
  • BYD Qin PLUS – 434 213 sany (+ 40,8%);
  • Honda Accord – 407 718 sany (-0,7%);
  • Nissan Sylphy – 381 651 sany (-15,1%);
  • Volkswagen Lavida – 345 928 sany (-4,4%); 
  • Mersedes C-Class – 312 122 sany (+ 8,7%);
  • BMW 3- Series – 309 149 sany (-0,3%);
  • Volkswagen Passat – 296 024 sany (+ 3,2%);
  • Audi A4 – 238 859 sany (+ 11,9%).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.