Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesini Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek meýilleşdirilýär

08.03.2024, 09:298,118

Türkmenistanda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesini Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek we olaryň binýadynda süýt önümlerini we ýag öndürýän zawodlary döretmek teklip edilýär. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow 7-nji martda Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, azyk önümlerini öndürýän paýdarlar jemgyýetlerini dolandyrmagy kämilleşdirmek we olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerini özgertmek maksady bilen, degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow azyk önümlerini öndürýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna üns çekdi. Munuň özi Türkmenistanda ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutany belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.