«Mançester Ýunýtaediň» iň netijeli oýunçysy Runi «Rowaýata öwrülen futbolçy» baýragyny alar

09.03.2024, 15:108,776

«Mançester Ýunaýtediň» taryhynda iň köp gol girizen futbolçy Ueýn Runi «Rowaýata öwrülen futbolçy»  baýragy bilen sylaglanar. Bu barada baýragyň metbugat gullugy tarapyndan çap edilen habarda mälim edilýär.

Guramanyň resmi web sahypasynda aýdylyşy ýaly, Runi 7-nji oktýabrda geçiriljek dabaranyň dowamynda abraýly sanawa resmi taýdan goşular. Dabara Londonda geçiriler.
Ýatlatsak, Runi professional karýerasyny tamamlady. Ol 38 ýaşynda we häzirki wagtda tälimçilik işine başlady. Oýunçy döwründe ol 250 gol bilen «Mançester Ýunaýtediň» taryhynda iň köp gol girizen futbolçy boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.