Asif Ali Zardari ikinji gezek Pakistanyň Prezidenti wezipesine saýlandy

10.03.2024, 23:304,083

Pakistanda parlament agzalary täze döwlet Baştutanyny saýlady. Ol Pakistanyň Halk partiýasynyň egindeş başlygy Asif Ali Zardari boldy.

68 ýaşly syýasatçynyň peýdasyna 411 ses berildi. Onuň esasy bäsdeşi, garşydaş partiýanyň dalaşgäri Mahmud Han Açakzaý 181 ses aldy.
Ali Zardari ikinji gezek Pakistanyň Prezidenti boldy. Ondan öň ol 2008-nji ýylyň 9-njy sentýabryndan 2013-nji ýylyň 8-nji sentýabryna çenli ýurda ýolbaşçylyk edipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.