Türkmen hokkeýçileri Bişkekde dünýä çempionatynda ilkinji ýeňşini gazandylar

13.03.2024, 01:429,444

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Bişkekde geçirilýän Dünýä çempionatynda ilkinji ýeňşini gazandylar.

Toparlaýyn tapgyryň ikinji oýnunyň çäklerinde Türkmenistan 4:3 hasaby bilen Günorta Afrika Respublikasyndan üstün çykdy.
10-njy martda birinji oýunda türkmen hokkeýçileri şol hasap bilen Lýuksemburgdan asgyn geldiler.
Şu gün, 13-nji martda Türkmenistan ýer eýeleri - Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar.

Ikinji tapgyryň netijeleri:

  • Türkmenistan - GAR — 4:3 (2:1, 1:1, 1:1);
  • Meksika - Tailand — 0:5 (0:2, 0:1, 0:2);
  • Lýuksemburg - Gyrgyzystan — 3:7 (0:3, 1:2, 2:2).
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.