Türkmenistan Tatarystan bilen bilelikde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek barada pikir alyşdy

15.03.2024, 09:062,477

14-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri Wladimir Leonowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Duşuşygyň barşynda sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmek hem-de olara gatnaşmak boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.