Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň bije çekişiginiň netijeleri

15.03.2024, 18:2214,663

Şu gün Nýon şäherinde 2023/24 möwsüminiň Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň bije çekişigi geçirildi. Bu tapgyrda bir ýurtdan bolan toparlar biri-biri bilen oýnap bilýär. Şeýlelikde:

  • “Milan” – “Roma”
  • “Liwerpul” – “Atalanta”
  • “Baýer” – “West Hem”
  • “Benfika” – “Marsel”

Şeýle-de, şu gün ýarym finalyň hem şahasy kesgitlenýär: jübütler “1-nji jübütiň ýeňijisi”, “2-nji jübütiň ýeňijisi” we ş.m. ýazgyly şarlaryň kömegi bilen kesgitlener. Mundan başga-da, finalyň bije çekişigi geçirilip, onuň netijesinde nominal hojaýyn belli bolar.
Dörtden bir finalyň ilkinji oýunlary 11-nji aprelde, jogap oýunlary 18-nji aprelde geçiriler. Ýarym finalyň ilkinji oýunlary 2-nji maýa, jogap oýunlary 9-njy maýa meýilleşdirilýär.
2024-nji ýylda Ýewropa ligasynyň finaly 22-nji maýda Dublinde geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.