Russiýanyň raýatlary RF-niň prezident saýlawlarynda Türkmenistanyň bäş şäherinde ses berip bilerler

15.03.2024, 21:3617,575

Russiýanyň Türkmenistanda bolýan raýatlary ýekşenbe güni RF-niň prezident saýlawlarynda bäş şäherde ses berip bilerler. Saýlaw uçastoklarynyň salgylary Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň saýtynda neşir edildi:

  • Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly, jaý 11 (Ilçihananyň bilim, ylym we medeniýet bölümi);
  • Türkmenbaşy, Magtymguly şaýoly, jaý 81а (Ilçihananyň konsullyk nokady);
  • Mary, Watan köçesi, jaý 31 (şäher häkimliginiň binasy);
  • Türkmenabat, Biytarap Türkmenistan köçesi, jaý 129А (Lebap welaýatynyň Medeniýet merkezi);
  • Daşoguz, 10 ýyl Abadançylyk köçesi (şäher häkimliginiň binasy).

Saýlaw uçastoklary 17-nji martda ýerli wagt bilen 08:00-dan 20:00-a çenli hereket eder.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanda konsullyk hasabynda on müň adam bar. 2018-nji ýylda Türkmenistanda RF-niň prezident saýlawlarynda 4 müňden gowrak saýlawçy ses berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.