Türkmen dzýudoçysy Serdar Rahimow Rigada halkara ýaryşynda kümüş medal aldy

19.03.2024, 20:3811,053
1 / 2

Türkmen dzýudoçysy we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ikinji ýyl talyby Serdar Rahimow Latwiýada Riga Senior European Cup 2024 halkara ýaşyrynda ikinji orny eýeledi.

Dünýäniň 26 döwletinden 300-den gowrak türgeniň gatnaşan bu ýaryş 2024-nji ýylyň 16-17-nji martynda geçirildi.
Serdar Rahimow 66 kg-a çenli agram derejesinde çykyş etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.