“Real” bilen “Barselona” tomusda ABŞ-daky ýaryşda duşuşar

21.03.2024, 06:2512,334

Madridiň “Realy” şu tomus ABŞ-daky görkezme ýaryşynda “Barselona” bilen duşuşar. 

“Çempionlaryň turnesiniň” resmi saýtynda habar berlişi ýaly, iki ispan klubunyň arasyndaky oýun 3-nji awgustda Nýu-Jersi ştatynda geçiriler. Ýaryşyň beýleki gatnaşyjylary “Mançester Siti”, “Çelsi” we “Milan” bolar. Umuman, alty oýun meýilleşdirilýär we olar Nýu-Ýorkda, Orlandoda, Çikagoda, Baltimorda we Şarlottda geçiriler.
“Çempionlaryň turnesi” 27-nji iýuldan 6-njy awgust aralygynda geçer. Ýaryşyň birinji güni “Mançester Siti” “Milan”, 30-njy iýulda bolsa “Barselona” bilen oýnar. 31-nji iýulda “Milan” “Real” bilen duşuşar. Ýaryşyň jemleýji güni iki oýun geçiriler: “Barselona” – “Milan” we “Real” – “Çelsi”.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.