Indoneziýanyň goranmak ministri Prabowo Subianto ýurduň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy

21.03.2024, 22:2614,024

Indoneziýanyň goranmak ministri Prabowo Subianto ýurduň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada RIA Nowosti Indoneziýanyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Prabowo Subianto Indoneziýanyň 38 welaýatynyň 36-synda we daşary ýurtlarda ýeňiş gazandy. Iki welaýatda, Açehde we Günbatar Sumatrada onuň bäsdeşi Anis Baswedan has köp ses aldy.
Indoneziýada Prezident saýlawlary 14-nji fewralda başlandy, oňa üç dalaşgär wise-prezidentlige dalaşgärler bilen bilelikde bäsleşdiler. Ýeňijiniň bäsdeşleri Ganžar Pranowo we Anis Baswedan ýeňilendigini boýun almadylar we saýlawyň netijelerine garşy çykmak isleýärler. Prezidentiň kasam kabul ediş dabarasy 20-nji oktýabrda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.