Ýewro-2024-iň final tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy

27.03.2024, 14:1016,846

2024-nji ýylyň Ýewropanyň futbol boýunça çempionatynyň esasy böleginde oýnamaga hukuk gazanmak üçin soňky geçiş oýunlary oýnaldy. Ýaryşyň soňky gatnaşyjylary Gruziýanyň, Ukrainanyň we Polşanyň milli ýygyndylary boldy.

Şeýlelik bilen, Ýewro-2024-de şu aşakdakylar oýnar:

  • A topar: Germaniýa, Şotlandiýa, Wengriýa, Şweýsariýa;
  • B topar: Ispaniýa, Horwatiýa, Italiýa, Albaniýa;
  • C topar: Sloweniýa, Daniýa, Serbiýa, Angliýa;
  • D topar: Polşa, Niderlandlar, Awstriýa, Fransiýa;
  • E topar: Belgiýa, Slowakiýa, Rumyniýa, Ukraina;
  • F topar: Türkiýe, Gruziýa, Portugaliýa, Çehiýa.

Ýewro-2024-iň final bölegi 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Berlin, Kýoln, Frankfurt-na-Maýne, Gelzenkirhen, Gamburg, Leýpsig, Mýunhen, Ştutgart we Dortmund şäherlerinde geçiriler.
Açylyş oýnunda Germaniýanyň we Şotlandiýanyň milli ýygyndylary oýnar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.