Žoze Mourinýu milli ýygyndy topara tälim bermek isleýär

30.03.2024, 11:426,976

Portugaliýanyň meşhur tälimçisi Žoze Mourinýu milli ýygyndyda işlemek isleýändigini mälim etdi. Bu barada “Çempionat” portaly habar berdi.

“Milli ýygynda tälim bermek - meniň maksadym. Belki-de, topary Dünýä çempionatyndan, Ýewropanyň ýa-da Amerikanyň kubogyndan, Afrika kubogyndan öň kabul edip bolar. Ýöne munuň üçin iki ýyl garaşmaly, bilemok-da... Bu ahyry bir gün-ä amala aşar" - diýip, Mourinýu žurnalist Fabrisio Romano bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Portugaliýaly tälimçi 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda “Romadan” gaýtdy. Ol 2021-nji ýyldan bäri Rimiň klubuna ýolbaşçylyk edip, 2021/2022 möwsümiň Konferensiýalar ligasynda oňa ýeňiş gazandyrdy we onuň yzyndaky möwsümde bolsa “möjekler” Ýewropa ligasynyň finalyna çykypdy.
Ozal Mourinýu “Tottenhemi”, “Mançester Ýunaýtedi”, “Çelsini", “Realy”, “Interi”, “Portuny”, “Leýriýany” we “Benfikany” türgenleşdiripdi.