Angliýanyň Premýer-ligasynyň klubunyň stadionynda howuzly VIP-münber gurlar

30.03.2024, 16:3911,287

MailOnline neşiriniň habar bermegine görä, Londondaky iň gadymy futbol klublaryndan biri bolan “Fulhem” özüniň “Kreýwen Kottej” arenasynda howuzly özboluşly VIP-münberi gurmagy meýilleşdirýär.

Münberde howuzdan başga-da, premium restoran hem bolar.
“Kreýwen Kottej” stadiony 1896-njy ýylda guruldy we Angliýanyň iň köne stadionlaryndan biridir. Ol 25 700 adama niýetlenendir.
“Fulhem” häzirki wagtda 29 oýunda 38 utuk toplap, Angliýanyň  çempionatynda 12-nji ýerde durýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.