FIFA-nyň täzelenen reýtinginde Türkmenistanyň eýeleýän orny belli boldy

05.04.2024, 12:3716,595
1 / 2

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 4-nji aprelde milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini çykardy. Täze reýtingde Türkmenistanyň milli ýygyndysy iki setir aşak düşüp, 143-nji ýerde ýerleşdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň ýokaryky orunda Özbegistan (64) ýerleşdi, ondan soň Täjigistan (99), Gyrgyzystan (100) we Gazagystan (103) ýerleşýär.
Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dünýä çempionaty - 2026-nyň we Aziýanyň Kubogy 2027-niň saýlama tapgyrynyň çäklerinde iki gezek Eýranyň milli ýygyndysyndan (reýtingde 20-nji ýer) utuldy (0:5 we 0:1).
Reýtingde birinji orny Argentina saklap gelýär. Ikinji - Fransiýa, üçünji - Belgiýa.
Ilkinji onluga şeýle hem Braziliýa, Portugaliýa, Niderlandlar, Ispaniýa, Italiýa we Horwatiýa girýär.
FIFA-nyň reýtinginde jemi 210 sany milli ýygyndy bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.