FotoLab ykjam goşundysy arkaly telefonyň çeholyna islendik suraty çap etdirip bolýar

16.04.2024, 14:3211,404

FotoLab ykjam goşundysy islendik suraty telefon çehollaryna çap etmek hyzmatyny hödürleýär. Bu ykjam goşundynyň üsti bilen isleýän çeholyňyzy ONLAÝN görnüşde sargyt edip bolýar.

Munuň üçin bar gerek zat – telefonyň modelini saýlamak we haýsy suraty çap etmek isleýändigiňizi karar bermek.
Suratly çehollar telefona özboluşly görnüş berýär, onuň aýratynlygyny görkezýär. Şeýle hem telefony çyzylmakdan ýa-da tötänleýin zeper ýetirmekden goraýar. Galyberse-de, surat çap edilen çehollar dostuňyza ýa-da ýakynlaryňyza özboluşly ýakymly sowgat bolar.

Nädip sargyt etmeli:

  1. Ykjam goşundyny şu salgylardan telefonyňyza gurnaň: Android ýa-da iOS;
  2. Baş sahypada “Çeholda çap etmek” bölüme giriň;
  3. Telefonyňyzyň modelini saýlaň;
  4. Öz dizaýnyzy ýa-da taýýar şablonlardan saýlaň;
  5. Harydy sebede goşuň we sargyt ediň!

Telefonyňyz üçin öz suratyňyzy hem, ykjam goşundyda hödürlenilýän suratlary hem saýlap bilersiňiz. Şeýle hem dürli kategoriýalarda: awtoulaglar, sitatalar, haýwanlar, multfilmler we ş.m. taýýar şablonlardan saýlap bilersiňiz.
Şeýle-de öz logotipleriňizi çap etdirip bilersiňiz.
Sargyt eden çeholyňyz 1-2 günüň dowamynda taýýar bolar.
Çap etmekde diňe ýokary hilli materiallar hem enjamlar ulanylýar.
Has giňişleýin öwrenmek üçin 
wideo serediň.

Arzuw edýän çeholyňyzy ŞU GÜN sargyt ediň!

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.