“Oskar” kino baýragynyň Ýewraziýa görnüşi 2025-nji ýylda gowşurylyp başlanar

18.04.2024, 14:042,369

2025-nji ýylda abraýly “Oskar” film baýragyna meňzeş Ýewraziýa film baýragy peýda bolar. Bu barada Russiýanyň Medeniýet ministri Olga Lýubimowa öz Telegram kanalynda yglan etdi diýip, “Çempionat” habar berýär.

Ýewraziýa film akademiýasyny we baýragyny döretmek pikiri režissýor Nikita Mihalkowa degişlidir. Ol muny 2022-nji ýylda teklip edipdi.
Bu baýrak Russiýa, Hytaý, Hindistan, Koreýa we beýleki Ýewraziýa ýurtlarynda döredilen iň gowy filmler üçin berler.
Taslama eýýäm Hytaý tarapyndan goldaw tapdy we BRICS, ŞHG we GDA ýurtlarynda gyzyklanma döretdi.

“BRICS, ŞHG we GDA ýurtlaryndaky kärdeşlerimiz hem bu pikire goşular diýip umyt edýäris. Köp adamlar uly gyzyklanma bildirdiler. Ilkinji film baýragynyň gowşurylyşyny 2025-nji ýylda geçirmegi meýilleşdirýäris "-diýip, Lýubimowa belledi.

Ýewraziýa film baýragynyň ilkinji dabarasy 2025-nji ýylda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.