“Türkmengaz” DK suwuklandyrylan gazy kabul edýän, saklaýan we ýükleýän desgalary döwrebaplaşdyrýar

19.04.2024, 21:3710,538

19-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan öndürilýän suwuklandyrylan gazy kabul edýän, saklaýan we ýükleýän desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, konsern tarapyndan degişli desgalaryň durkuny täzelemek boýunça zerur işler alnyp barylýar.  Häzirki wagtda bu desgalar üçin zerur bolan  maddy-tehniki serişdeler bökdençsiz üpjün edilýär. Munuň özi olaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli teklipler beýan edildi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda suwuklandyrylan gazy öndürmäge hem-de halkara bazarlaryna ygtybarly ibermäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Munuň üçin öndürilýän suwuklandyrylan gazy talabalaýyk kabul etmäge, saklamaga we ýüklemäge niýetlenen desgalary döwrebaplaşdyrmak möhüm bolup durýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy we beýan edilen teklipleri goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.