De Rossi möwsüm gutarandan soň hem «Roma» tälimçilik eder

20.04.2024, 12:515,716

Italiýanyň «Roma» futbol klubunyň eýeleri Den we Raýan Fridkinler Daniele De Rossiniň şu möwsüm gutarandan soň hem topara tälim berjekdigini habar berdiler.

«Romanyň» metbugat gullugy Fridkinleriň: «Daniele De Rossiniň şu möwsümden soň we ýakyn geljekde «Romanyň» baş tälimçisi hökmünde işlemegini dowam etdirjekdigini habar bermekden hoşaldyrys»  diýen sözlerini getirýär.

Klubuň eýeleriniň bellemeklerine görä, De Rossi topara ýaňy-ýakynda ýolbaşçy bellenendigine garamazdan, kluba oňyn täsir edýär.

«Daniele hormat we batyrgaýlyk bilen topara ýolbaşçylyk edýär, onuň güýji we kluba bolan ynamy «Romanyň», şäheriň we janköýerleriň gymmatlyklaryna doly laýyk gelýär. De Rossi bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmeklige diýseň begenýäris» diýip, Fridkinler bellediler.

De Rossi şu wezipede işden boşadylan portugaliýaly Žoze Mourinýonyň ornuna şu ýylyň ýanwar aýynda «Romanyň» baş tälimçiligine bellenendigini ýatladýarys.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.