Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

23.04.2024, 14:126,346

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada türkmen diplomatik wekilhanasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşyk GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Moskwadaky edarasynda geçirildi.
Taraplar Arkalaşygyň çäklerinde şu ýylda çäreleriň meýilnamasyny, şol sanda 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ara alyp maslahatlaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.