BMG 25-nji maýy Bütindünýä futbol güni diýip yglan etdi

08.05.2024, 12:544,896

BMG-niň Baş Assambleýasy 25-nji maýy Bütindünýä futbol güni diýip yglan edýän rezolýusiýany kabul etdi. Bu barada TASS habar berýär.

Bu karar 1924-nji ýylda Pariždäki tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde dürli sebitlerden wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen taryhda ilkinji halkara futbol ýaryşynyň 100 ýyllygyna bagyşlandy.
BMG-niň rezolýusiýasy agza ýurtlary şulara çagyrýar:

  • - Sporty we fiziki işjeňligi, şol sanda futboly ösdürmek boýunça milli we ýerli maksatnamalary işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge;
  • -  Sportuň üsti bilen ilatyň fiziki we akyl saglygyny berkitmäge ýardam etmäge;
  • -  Jemgyýetde sport medeniýetini terbiýelemäge;
  • -  Milli ileri tutulýan ugurlara laýyklykda Bütindünýä futbol gününi bellemäge;
  • -  Beýlekiler bilen bir hatarda, bilim we maglumat beriş maksatnamalarynyň çäklerinde-de hemmeler üçin futbolyň peýdasy barada maglumat ýaýratmaga.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.