Serdar Berdimuhamedow Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy

09.05.2024, 09:3432,076

Moskwada saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Kremliň diwarynda ýerleşýän Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy.

Türkmenistanyň Prezidenti RF-niň Prezidenti Wladimir Putin we beýleki ýurtlardan kärdeşleri bilen bilelikde gül goýdy.
Gyzyl meýdançada dabaraly Ýeňiş ýörişi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň, RF-niň, Belarusuň, Gwineýa-Bisaunyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Kubanyň, Laosyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aleksandr seýilgähine tarap pyýada ýörediler.
"Näbelli esgeriň ýadygärligi" ýadygärlikler toplumy 1967-nji ýylyň 8-nji maýynda dabaraly ýagdaýda açylypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.