Toyota Camry 2024 Honda Accord Hybrid we 3,5-lyk Camry bilen dreg-ýaryşda bäsleşdi

20.05.2024, 07:4418,259

Throttle House YouTube ýaýlymynda gibrid kuwwatly täze Toyota Camry 2024-iň Honda Accord Hybrid we öňki nesil Camry TRD V6-nyň bäsleşýän dreg-ýaryşynyň wideosyny çap etdi diýip, IXBT ýazýar.

Ilkinji ýaryşda gibrid Camry 2024  (232 at güýji, 1655 kg) Honda Accord Gibrid-i (204 at güýji, 1606 kg) badalgada hem, hereket wagty hem öňe yzda galdyrdy.
Muňa garamazdan, ikinji ýaryşda “Camry TRD V6” (301 at güýji, 1620 kg) 2024-nji ýylda öndürilen Camry Gibridini iki ýaryşda-da, badalgada hem, hereket wagty hem ýeňdi.
Wideonyň awtorlary täze Camry 2024-iň gündelik ulanmak üçin ýeterlik dinamikasynyň bardygyny, şeýle hem Camry TRD V6 bilen deňeşdirilende, enjamlara has baýdygyny bellediler.

Täze “Camry”-leriň ählisiniň diňe 4 silindrli gibrid hereketlendirijilidigini bellemelidiris.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.