Türkmenistanyň Mejlisi we Hytaýyň Şençžen şäheri şähergurluşyk işi boýunça pikir alyşdylar

22.05.2024, 15:316,281

21-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäheriniň Halk Wekilleriniň ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygynyň orunbasary Çen Guanjunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. 

Milli parlamentiň wekilleri myhmanlary türkmen parlamentiniň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar.
Söhbetdeşler şähergurluşyk işi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işini netijeli guramak baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.