TikTok döwlet KHBS-iň mazmunyny bellik eder

26.05.2024, 23:158,208

TikTok döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň (KHBS) öz platformasyna ýetirýän täsirini çäklendirmek boýunça çäreleri girizýär. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, döwlet neşirleriniň, teleýaýlymlarynyň we beýleki KHBS-iň akkauntlary indi ulanyjylara maslahat berilmez diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Sosial ulgam bu çäräniň bellenilen akkauntlar tarapyndan ol ýa-da beýleki bir temalar boýunça maglumatlaryň maksatly ýaýradylmagynyň öňüni almaga gönükdirilendigini belleýär.
Sosial ulgam döwlet KHBS-iň mazmunyna baha berjek garaşsyz bilermenler bilen hyzmatdaşlyk eder.
Baha bermeleriň netijesinde, şeýle akkauntlaryň mazmunyna hem-de mahabatlaryna degişli bellik goýlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.