«Bawariýa» täze baş tälimçisini yglan etdi

29.05.2024, 19:2415,242

"Mançester Sitiniň" öňki futbolçysy Wensan Kompani "Bawariýanyň" täze baş tälimçisi boldy. Bu barada nemes klubunyň Metbugat gullugy habar berýär.

Belgiýaly hünärmen bilen şertnama 2027-nji ýyl 30-njy iýunyna çenli niýetlenildi.
Geçen möwsümde "Bawariýa" öňki tälimçisi Tomas Tuheliň ýolbaşçylygynda Germaniýanyň çempionatynda üçünji ýerde galdy, Çempionlar ligasynda ýarym finalda utuldy.

38 ýaşly Kompani Belgiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynda bürünç medal aldy. 2008-2019-njy ýyllarda "Mançester Siti" bilen dört gezek Angliýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy.
2022-nji ýylyň tomsundan bäri, Kompani "Bernli" klubuna tälimçilik edýärdi. Şu möwsümiň jemleri boýunça klub iň soňkudan öňki ýeri eýeläp, APL-den gaýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.