Apple kompaniýasy Android üçin Apple TV programmasyny taýýarlaýar we işläp düzüjileri gözleýär

04.06.2024, 12:091,929

Apple kompaniýasy Android-de Apple TV programmasyny döretmegi meýilleşdirýär we onuň işlenip düzülmegi boýunça uly inžener-programmist üçin iş ýerini açandygyny mälim etdi. Bu barada Bloomberg-iň synçysy Mark Gurman habar berdi.

Bu programma millionlarça Android ulanyjylaryna Apple TV-den filmleri we seriallary görmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda Android-de platforma diňe web sahypasy arkaly girip bolýar, emma programmanyň döredilmegi hyzmatyň ulanylmagyny has amatly eder.
Apple eýýäm Google TV bilen Chromecast ýaly Android TV enjamlarynda Apple TV programmasyny hödürleýär. Şeýle hem, korporasiýa Apple Music, Move to iOS we Beats programmalaryny Android-e hödürleýär.
Häzirki wagta bu hyzmat iPhone, iPad, Mac, Apple TV, Vision Pro, PlayStation 4, PlayStation 5, Xbox One, Xbox Series X/S, Roku, Amazon Fire TV we beýleki enjamlarda işe girizilip bilner.
Android üçin Apple TV programmasynyň işlenip düzüljek wagty we goýberiljek senesi barada entek hiç zat belli däl.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.