Türkmenistanda welosportuň nazaryýeti we usulyýeti boýunça kitap neşir edildi

05.06.2024, 13:053,794

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan “Welosportuň  nazaryýeti we  usulyýeti” atly okuw kitaby neşir edildi. Bu barada Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda habar berdiler.

Bu kitap Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýeňil we agyr atletika kafedrasynyň uly mugallymlary Ýagmyrgeldi Şyhnazarowyň, Döwletgeldi Mämmedowyň, bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy Jennet Paýtykowanyň, Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň ýolbaşçysy Döwletgeldi Annaýewiň we agzasy Saparmyrat Mämmedowyň awtordaşlygynda taýýarlanyldy.
Okuw kitabynda welosportuň görnüşleri, türgenleşik we ýaryş işiniň aýratynlyklary, ýaryş işiniň tehnikasy we usuly, ýokary derejeli welosipedçileriň köpýyllyk taýýarlygy, fiziki we psihiki taýýarlygy kiçi we orta döwürleýin türgenleşik sapaklarynyň gurluş ulgamy sport ýaryşlarynyň döwrebap ulgamy we ýyllyk taýýarlygyň gurluşy, taýýarlygyň tehniki we ylmy-usulyýet üpjünçiligi beýan edilýär.
Okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, welosiped sporty bilen türgenleşýän türgenler we welosiped sportuna höwesjeňler üçin niýetlenilýär. Şeýle hem bu okuw kitaby ýurdumyzyň degişli orta hünär okuw mekdepleriniň  talyplary üçin hem okuw gollanmasy bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.