Mask 56 mlrd dollar möçberde premiýa almasa, Tesla-dan gidip biler

09.06.2024, 15:1618,401

Tesla-nyň paýdarlary Ilon Maskyň kompensasiýa tölegi barada belli bir karara gelerler. 13-nji iýunda olar Maska ony taryhda iň köp girdeji alan baş müdir etjek 56 mlrd dollary tölemek baradaky sorag boýunça ses bererler diýip, The Verge ýazýar.

Tesla-nyň müdirler geňeşiniň başlygy Robin Denholm paýdarlary şeýle tölegiň zerurdygyna ynandyryp, muny Ilon Maskyň we Tesla-nyň özboluşlylygy bilen delillendirýär. Ol Maskyň degişli ýagdaýda sylaglandyrylmasa, kompaniýany terk edip biljekdigini belleýär.

“Biz 2018-nji ýylda nämä göz ýetirdik we häzirem göz ýetirmegi dowam edýäris, bu Ilon Maskyň çäksiz wagtynyň ýoklugydyr. Şeýle-de, onuň ideýalarynda we dünýä uly goşant goşup biljek beýleki ýerlerinde kemçilik ýok. Biz Tesla-da bu ideýalaryň, energiýanyň we wagtyň siziň, ýolbaşçylarymyzyň bähbidine bolmagyny isleýäris. Ýöne bu ikitaraplaýyn hormaty talap edýär” – diýip, Denholmyň paýdarlara ýazan hatynda aýdylýar.

Denholmyň aýtmagyna görä, töleg bukjasynyň tassyklanmagy üçin ses berişlik “pul bilen baglanyşykly däl”: “Biziň ählimiz Ilonyň dünýäde iň baý adamlaryň biridigini bilýäris we ol hatda Tesla 2018-nji ýylda üstümize alan borçlarymyzdan ýüz öwürse-de şeýle bolup galar”.
eToro söwda platformasynyň maglumatlary paýdarlaryň, takmynan, 25%-iniň eýýäm ses berendigini görkezýär. Reuters olaryň 80%-den gowragynyň Mask üçin tölegi goldandygyny belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.