Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionaty 2026-nyň saýlama tapgyryny tamamlady: netijeler

13.06.2024, 06:4815,389

11-njy iýunda Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Gonkongyň milli ýygyndylary jemleýji, altynjy tapgyryň çäginde duşuşdylar.

Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen bu duşuşyk 0:0 hasabynde deňlikde tamamlandy. 
“E” toparçasynyň beýleki oýny bolan Eýranyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykdada hasap açylmady (0:0). 
Şeýlelikde, saýlama tapgyryň jemi boýunça 13 utukdan toplan Eýranyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylary degişlilikde birinji, ikinji orunlary eýelediler. 2 utukdan toplan Türkmenistanyň hem-de Gonkongyň milli ýygyndylary bolsa üçünji, dördünji orunlarda ornaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.