Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy CAFA U-20 çempionatyna gatnaşar

20.06.2024, 11:434,872

5-12-nji iýul aralygynda Gyrgyzystanda 20 ýaşa çenli ýaşlar toparlarynyň arasynda Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionaty geçiriler. Duşuşyklar Jalal-Abad şäherinde "Kurmanbek" stadionynda geçiriler diýip, guramaçylaryň metbugat gullugy habar berýär.

Ýaryşa alty sany ýygyndy gatnaşar: Owganystan, Eýran, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan.
Bellenilmegine görä, ýaryşda CAFA U-20-niň taryhynda ilkinji gezek emine wideokömek ulgamy (VAR) ulanylar.
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy üçin bu ýaryş Bişkekde 21-29-njy sentýabrda geçiriljek ýaşlar toparlarynyň arasyndaky 2025-nji ýylyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryna taýýarlygyň nobatdaky tapgyry bolar. "I" toparynda çykyş etjek türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary Ýaponiýanyň, Gyrgyzystanyň we Mýanmanyň ýygyndylary bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.