FIFA milli ýygyndylaryň reýtingini täzeledi

20.06.2024, 18:4219,443

Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) milli toparlaryň täzelen reýtingini hödürledi. Ilkinji onlukda iki üýtgeşme bolup geçdi. Braziliýa Angliýadan öňe geçip, dördünji orna çykdy, Italiýa bolsa dokuzynjy orny Horwatiýa berdi.

FIFA-nyň reýtinginiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Argentina
  2. Fransiýa
  3. Belgiýa
  4. (5) Braziliýa
  5. (4) Angliýa
  6. Portugaliýa
  7. Niderlandlar
  8. Ispaniýa
  9. (10) Horwatiýa
  10. (9) Italiýa

Iň uly ösüşi Liberiýanyň futbolçylary görkezdi, olar 37,47 bal gazandylar. Olar on setir ýokary galyp, 142-nji orny eýelediler. Ekwatorial Gwineýa bolsa, tersine, iň köp bal ýitirip, 89-njy orna düşdi (-47,53).
Türkmenistan 7,58 bal ýitirip, reýtingde bir punkt aşak düşdi we 144-nji orny eýeledi. Sanawda Efiopiýa (143) bilen Botswananyň (145) arasynda ýerleşdi.
Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin saýlama ýaryşyny Gonkongyň topary bilen deňme-deňlikde tamamlady. Mergen Orazowyň topary indiki dünýä çempionatyna saýlanmak mümkinçiligini ýitirdi, ýöne 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek Aziýanyň Kubogyna ýollama almak ugrundaky göreşi dowam etdirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.