Aziýada Dünýä çempionaty-2026-nyň üçünji saýlama tapgyrynyň toparçalary belli boldy

28.06.2024, 21:1811,603

27-nji iýunda Kuala-Lumpurda Aziýa toparlarynyň arasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň üçünji saýlama tapgyrynyň bije çekişigi geçirildi. 18 topar her biri alty milli ýygyndyny öz içine alýan üç toparça bölündi.

Her toparçadan iň gowy iki topar gönüden-göni dünýä çempionatynyň soňky tapgyryna çykar. Üçünji we dördünji orunlary eýelän toparlar dördünji tapgyrda oýnap, ýene iki ýollama, şeýle-de kontinentara geçiş oýnunda orun üçin bäsleşerler.
Toparçalaryň düzümi:

  • Toparça A: Eýran, Katar, Özbegistan, BAE, Gyrgyzystan, KHDR.
  • Toparça B: Günorta Koreýa, Yrak, Iordaniýa, Oman, Palestina, Kuweýt.
  • Toparça C: Ýaponiýa, Awstraliýa, Saud Arabystany, Bahreýn, Hytaý, Indoneziýa.

Üçünji saýlama tapgyry 2024-nji ýylyň 5-nji sentýabryndan 2025-nji ýylyň 10-njy iýuny aralygynda iki aýlawda geçiriler.
Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy saýlama ýaryşynyň ikinji tapgyryny iki utuk bilen tamamlap, DÇ-2026-a saýlanmak mümkinçiligini ýitirdi. Ol indi aýratyn ýaryşda Aziýanyň Kubogy – 2027-ä gatnaşmak üçin göreşi dowam etdirer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.