Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny 10% ýokarlandyrmak teklibini goldady

28.06.2024, 22:4521,283

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny hem-de döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak barada teklibi goldady. Bu barada döwlet Baştutany anna güni Hökümet mejlisinde belläp geçdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny hem-de döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işleriniň deslapky hasaplamalaryna seljermeleriň geçirilendigi barada habar berildi.
Serdar Berdimuhamedow bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.