Volkswagen taryhda iň güýçli Golf R hödürledi: 333 at güýji we 270 km/sag

05.07.2024, 13:413,719
1 / 2

Volkswagen kompaniýasy täzelenen Golf R ulagyny hödürledi. Bu ulag modeliň taryhynda iň güýçli hereketlendirijini aldy. Täze ulag iki görnüşde elýeterli: Golf R we Golf R Variant.

Kapotyň içinde kuwwatlylygy 333 at güýjüne deň bolan (245 kWt) 2 litrlik turbohereketlendiriji otyr. Ol öňki modelden 10 at güýji artykdyr. Golf R-iň maksimal tizligi 250 km/sag bilen çäklenen, emma R-Performance bukjasy satyn alnanda bu çäklendirme sagatda 270 kilometre çenli artdyrylýar. Bu bolsa ony taryhda iň tiz Golf edýär.
Volkswagen-iň bellemegine görä, diňe bir kuwwatly hereketlendiriji almak bilen çäklenmän, eýsem, başga-da birnäçe täzelikleri, şol sanda täze podweska, durzuş ulgamy we tekerleri doly herekete getiriş ulgamyny aldy. Golf R-iň bahasy € 53 müň ýewrodan başlanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.