Türkmenistanda banklarda “Sanly karz” ulgamy ulanyşa giriziler

06.07.2024, 01:2210,561

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky öz müşderileri üçin “Sanly karz” ulgamyny işläp taýýarlady. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow bu ulgamyň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, hyzmatlaryň bu görnüşi Internet ulgamy arkaly müşderilere aralykdan hyzmat edilmegini, şol sanda banklar tarapyndan raýatlar üçin karzlaryň resmileşdirilmeginde sanly ulgamyň kömegi bilen ýeňillikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Bu çäreler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” karzlaşdyrmakda “onlaýn” ýüztutmalar arkaly berilýän karzlaryň möçberlerini artdyrmak we “onlaýn” karzlaşdyrma amallaryny kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň çäginde durmuşa geçirilýär.
Serdar Berdimuhamedow «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan fiziki şahslar üçin niýetlenen «Sanly karz» ulgamyny ulanyşa girizmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.